icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 noýabr 2022

2002

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

2022-nji ýylyň 16-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň salamyny, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl şanly sene — iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda, iki halkyň ruhy ýakynlygynyň, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berk binýadynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijesi kanagatlanma bilen bellenildi.

Netijeli we oňyn ýagdaýda geçen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ägirt uly serişde we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň geljekde-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerinde däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi