icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 noýabr 2022

1353

Türkmenistanda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň on birinji mejlisi geçdi

2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň 11-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, awstriýa tarapyna Awstriýa Respublikasynyň Zähmet we ykdysadyýet Federal ministrliginiň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça Baş direktory Frans Wessig ýolbaşçylyk etdiler.

Mejlise gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Wenada geçirilen toparyň 10-njy mejlisiniň netijeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat diňlediler. Uzakmöhletli meselelere hem ähmiýet berlip, olar bu mejlisde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda anyk temalar we gurluşyk, infrastruktura, energetika, tehnologiýalar, daşky gurşawy goramak ulgamlaryndaky maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de iki ýurduň gyzyklanma bildirýän düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin ýardam bermäge taýýarlygy bildirildi.

Awstriýa Respublikasynyň ekologiki taýdan arassa energiýadan peýdalanmak we alternatiw energetiki ulgamlarda uly tejribe toplandygy nygtaldy. Türkmen tarapy agzalan ugurlar boýunça awstriýa tarapy bilen tejribe alyşmaga, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini girizmek boýunça awtsriýa tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda ulag-logistika gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň mümkinçilikelrine seredildi we häzirki wagtda Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda baglaýjy halka bolup durýan halkara hazarüsti ulag ugry boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada nygtaldy.

Taraplar ylym, medeniýet we bilim ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Toparyň işiniň çäklerinde türkmen-awstriýa işewürler forumynyň hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi we Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekilendigi nygtaldy.

Mejlisiň netijesi boýunça Teswirnama gol çekildi. Taraplar 2023-nji ýylda Awstriýada Türkmen-awtsriýa bilelikdäki toparyň 12-nji mejlisini geçirmegi ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi