Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministrini kabul etdi

img

01/12/2022

255

2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine we ýurduň ähli halkyna özüniň hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy hem-de iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň dost-doganlyk häsiýetine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Eýran Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar we daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, EYR-nyň energetika ministriniň Aşgabada saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek babatda gatnaşyklaryň has işjeň guralyny işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi. Şunda anyk netijelere gönükdirilen türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginde bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabian dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ählumumy abadançylygyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.