icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

23 sentýabr 2016

1968

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda brifing geçirildi

2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň Mejlisi, Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapynda gurnalan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi mynasybetli brifing geçirildi.

Brifingiň işine Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem-de talyplary, alymlar we hünärmenler gatnaşdylar.

            Duşuşygyň barşynda Mejlisiň deputatlary we Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň wekilleri ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine girizilen üýtgetmeler we täze hukuk kadalary teswirlenildi.

Hususan-da Konstitusiýa birnäçe täze innowasion häsiýetly hukuk kadalary girizildi. Muňa mysal edip, şahsyýetiň we jemgyýetiň bähbidine ykdysady işi kadalaşdyrmak ýaly (13 madda), ylmy, tehnikany we tehnologiýalary ösdürmeklige ýardam bermek ýaly (16 madda), syýasy köpdürlüligi we köp partiýalylygy ykrar etmek ýaly (17 madda) kadalary görkezmek bolar.

Ýurduň ýagdaýy baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna we Mejlisiň agzalaryna her ýylky ýüzlenmesi we ýurtda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesiniň girizilmegi aýratyn bellenildi.

Çykyş edenleriň bellemeklerine görä, Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň we jemgyýetiň Esasy Kanuny bolmak bilen, ýurdumyzyň köp milletli halkynyň erk-islegini beýan edýär, iň ýokary hukuk güýji bolup çykyş edýär we jemgyýetiň durmuşynyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we ruhy-ahlak wajyp düzgünlerini we kadalaryny berkidýär.

Brifing dialog görnüşinde geçirildi, sorag-jogap alyşyldy we täze rejelenen Konstitusiýanyň halkara hukugynyň ykrar edilen kadalaryna we Türkmenistanda adamyň hem-de raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna gabat gelýändigi ýene-de bir sapar aýratyn bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi