icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 dekabr 2022

995

Daşary ýurtlaryň täze bellenen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi

2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa daşary ýurtlaryň birnäçesiniň — Norwegiýa Patyşalygynyň, Finlýandiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Gana Respublikasynyň, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden, şeýle-de Apostol nunsiýasyndan ynanç hatlaryny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy daşary ýurtly diplomatlaryň her birini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, olara üstünlikli ösdürilýän dostlukly we köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurtlaryň doly ygtyýarly wekilleri, öz gezeklerinde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkyna öz ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşyklaryň barşynda ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça içgin pikir alşyldy.

 Ilçiler Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan, türkmenistanlylaryň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyryp, döwlet syýasatynyň durmuş ugruna ünsi çekdi. Şol syýasatyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglygy goraýyş we ylmy merkezleriň, iri sport desgalarynyň gurluşyklary ýokary depginde alnyp barylýar.

Diplomatlar Milli Geňeşiň düzümi we işi, kanun çykaryjylyk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen hem tanyşdyryldy.

Ilçiler öz ýurtlarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de giň ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam bermäge taýýardyklaryna ynandyrdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi