icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 iýul 2017

1023

Türkmenistanyň DIM-de Ysraýyl Döwletiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde  Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewraziýa departamentiniň başlygy Aleksandr Ben Tswiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda bar bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek üçin ýokary derejedäki saparlaryň guralmagynyň wajypdygyny belläp, Ysraýyl tarapy bu ugurda işleriň ilerlemegini şertleşdiler.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilip, döwletara hyzmatdaşlygyň dürli derejedäki meselelerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hoşallygyny bildirdiler we ony köp ugurlar boýunça has hem ösdürmek mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi