icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 dekabr 2022

1488

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen Italiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 9-nji dekabrynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň täze bellenen  Italiýanyň Türkmenistandaky Adadtdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Luidji Ferrari bilen duşuşygy geçirildi.

W.Hajiýew Ilçini wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Ferrari iň gowy arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, türkmen-italýan gün tertibini ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.

Syýasy-diplomatik gepleşikleri giňeltmekde halkara guramalaryň çäginde işjeň gatnaşykda bolmak, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrma, hususan-da yzygiderli syýasy maslahat beriş mehanizmini döretmek üçin aýratyn orun berildi.

Taraplar Ýewropa Bilelişiginiň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem “Ýewropa Bilelişik-Merkezi Aziýa” formaty barada pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini belläp, W.Hajiýew söwdany ösdürmegiň ýollaryny tapmagyň maksadalaýykdygyny, şol sanda Işewürler geňeşini ýa-da Iş toparyny döretmek arkaly belläp geçdi.

Diplomatlar birnäçe italýan kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda alyp barýan işlerine kanagatlanma bilen bellediler we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly ugurlaryny belläp geçdiler.

Duşugyň çäginde Italýanyň Ilçisi  öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi