icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

01 fewral 2023

2450

Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi

2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Hökümetara toparyň geçen 2022-nji ýyl boýunça işiniň netijelerine seredildi. Gatnaşyjylar 2023-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahtlaşdylar we işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Mejlisiň gün tertibine 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda geçirilen Altynjy Hazar Sammitiniň netijeleri hem girizildi. Şol bir wagtda hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň duşuşygynyň çäginde kabul edilen çözgütleriň we ylalaşyklaryň gidişini we ýerine ýetirilişini seljerdiler.

Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, hazarýaka döwletleriniň we olaryň halklarynyň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda işjeň hereketleri dowam etdirmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi