icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

03 fewral 2023

1870

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Astana Halkara Maliýe Merkeziniň Ýaşyl maliýe merkeziniň baş direktory bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W. Hajyýew iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Astana Halkara Maliýe Merkeziniň (AIFC) Ýaşyl maliýe merkeziniň baş direktory Aýdar Kazybaýew bilen duşuşyk geçirdi.

AIFC wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapary Gazagystanyň başlangyjy bilen gurnaldy. Merkeziň ileri tutýan maksady, deňagramly maýa bazaryny ösdürmek we häkimliklere we beýleki döwlet edaralaryna durnukly ösüş taslamalary üçin büjetden daşary pul serişdelerini çekmekde ýardam etmekden ybaratdyr.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýaşyl maliýe pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şol sanda hünärmenleriň alyş-çalşygyny amala aşyrmak, şeýle hem Arkadag şäheriniň "Ýaşyl şäher" we "Akylly şäher" ölçeglerine laýyklygyny tassyklaýan ýörite şahadatnamalary almak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar, şeýle hem, hususy maýa goýumlaryny çekmek arkaly kenar ýakasynyň ýaşyllaşmagy we Aral deňziniň zolagynda ekoturizmi ösdürmek bilen baglanyşykly, şeýle hem ýaşyl uglewodorodlary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar anyk geljegi uly taslamalary we hyzmatdaşlygyň görnüşlerini kesgitlemek üçin iş gatnaşyklaryny dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi