icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

03 fewral 2023

2298

Aşgabatda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi

2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda paýtagtymyzyň “Daşkent” seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi wekilleri, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de döredijilik işgärleri, Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Kuçkarow çykyş etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, strategiki häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň pugta esasyny ýokary derejede amala aşyrylýan gatnaşyklar hem-de doganlyk halklarymyzyň arasynda emele gelen açyk we birek-birege ynanyşmak dialogy düzýär. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede netijeli berkidilýän işjeň syýasy gatnaşyklar, şeýle hem yzygider ösdürilýän söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýratyn bellenilip geçildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde taryhy, däp-dessur umumulyklara, dil we ruhy gymmatlyklara esaslanýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm bolup dyrýandygy aýratyn nygtaldy.

Dabaranyň çäklerinde sungat ussatlarynyň bilelikdäki türkmen-özbek baýramçylyk konserti geçirildi, şeýle hem myhmanlara özbek milli naharlary hödürlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi