icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

06 fewral 2023

2252

UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Daşary işler ministriliginde UNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler Ministri R.Meredow çykyş etdi hem-de şu mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň netijelerine serediljekdigini, özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň çäklerinde wezipeleriň kesgitlenjekdigini hem-de Gurama bilen işleri kämilleşdirmek babatda tekliplere garaljakdygyny belledi.

UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň, ýagny, «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» ýaly hödürnamalaryň girizilendigi barada habar berildi. Şeýle-de 2023-nji ýylda UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama hödürlendi.

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bilim ulgamy bolup durýar. Mejlise gatnaşyjylar ylym-bilim babatynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýyl Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Tähranda ýerleşýän sebitleýin edarasy bilen bilelikde Halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi.

Mejlisde şeýle-de UNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň 2023-nji ýyl üçin Hereketleriniň meýilnamasyna seredildi hem-de tassyklanyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi