icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

23 sentýabr 2016

2046

Täze Zelandiýanyň ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Täze Zelandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Iýan Hill bilen duşuşyk guraldy.

            Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Soňra taraplar halkara meseleleriniň dürli ugurlaryna degişli pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Täze Zelandiýanyň wekili sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň alyp barýan işlerini oňyn tarapdan häsiýetlendirdi.

            Ilçi Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn görnüşde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar daşary syýasy ugry boýunça geçirilýän netijeli gepleşikleri ösdürmegiň zerurlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ileri tutulýan esasy ugurlary hökmünde bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi