icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

16 fewral 2023

3356

Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky şertnamalara gol çekişlik dabarasy

2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmegiň resmi dabarasy geçirildi.

Bu çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Magtymguly adyndaky TDU-nyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň rektorlary, ÝUNESKO-nyň we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy.   

Gol çekişlik dabarasyny Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili M.Çaryýew açdy. Şeýle hem, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministri G.Ataýewa, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary hanym Stefania Jannini we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa çykyş etdi. Çykyş edenler Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň ilkinji kafedralarynyň açylmagynyň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Soňra Magtymguly adyndaky TDU-niň rektory B.Orazdurdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň "Medeni miras: geçmişden geljege" kafedrasyny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rectory G.Muhammedow ÝUNESKO-nyň "Durnukly ösüşiň bähbidine ekologiýa bilimi" kafedrasyny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdi.

117 döwletiň ýokary okuw jaýlarynyň şuňa meňzeş kafedralaryny birleşdirýän ÝUNESKO UNITWIN kafedralarynyň tory, olara ylym we bilim pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara möçberinde milli tejribesini paýlaşmaga mümkinçilik berýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi