icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 fewral 2023

3124

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ysraýylyň DIM-niň wekilýeti bilen gepleşikler

Şu ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň, Aşgabada sapar bilen gelen, Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa we Günbatar Balkan ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy Ýuwal Fuhsah bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegi meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi barada bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasynda gatnaşyklaryň mundan beýläk hem giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi