icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

01 mart 2023

3776

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Astanada «C5+1» formatdaky mejlisine gatnaşmagyň çäginde geçirilen duşuşyklary

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, «C5+1» formatdaky mejlisiň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Gazagystanyň doganlyk ýurtlardygyny, iki tarapyň arasyndaky iň ýokary derejedäki işjeň gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini doly görkezýändigi nygtaldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň oktýabr aýynda Gazagystana amala aşyran döwlet saparynyň döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde täze tapgyr bolandygy bellenildi.

Ministrler söwda, ulag, logistika we energetika ýaly ulagamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar häzirki halkara we sebit ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Şu ýylyň 28-nji fewralynda, «C5+1» ministrleriniň duşuşygynyň çäginde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda söwda, ykdysady, maýa goýum, ulag, logistika we energetika pudaklarynda, şeýle hem medeni we ynsanperwer pudaklargyndaky türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine üns berildi. Ministrler bu formatda ýurtlaryň arasynda geljekki sebitleýin hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi goldadylar.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Diplomatlar ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gün tertibi, Owganystandaky häzirki ýagdaý we owganlaryň arasyndaky gepleşikleri ösdürmek boýunça köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijisidigini aýtdy.

Taraplar, şeýle hem, «C5+1» formatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi