icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

16 mart 2023

2200

Türkmen tarapy Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 16-njy martynda Ankarada Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.

Türki döwletleriň guramasynyň Döwlet baştutanlarynyň adatdan daşary Sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen bu mejlisde Guramanyň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, Guramada agza we synçy döwletler tarapyndan Türkiýe Respublikasyndaky weýrançylykly ýer titremeleriň netijelerini tiz ýeňip geçmek, şeýle hem tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalaryna, şol sanda, Türki döwletleriň guramasynyň sebitinde adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmakda umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda Türki döwletleriň guramasynyň Döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň gün tertibi bilen baglanyşykly meseleler, şol sanda, duşuşygyň çäginde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi