icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 awgust 2017

927

Türkmenistan we Pakistan Yslam Respublikasy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hawaja Muhammad Asifiň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek meselelerine garadylar. Iki ýurduň arasyndaky özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar barada gürrüň açyp, taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň önjeýli ösüşini bellediler we gatnaşyklaryň giň ugry boýunça ösüş mümkinçiliklerini we olary täze derejä çykarmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Şeýle hem taraplar ýetilen ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň barşyny we söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma döredýän ugurlaryň arasynda taraplar energetika, ulag we logistika ýaly pudaklary bellediler.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Birleşen Milletler guramasy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýaly halkara guramalaryň çäklerinde önjeýli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmeklige ygrarlydygyny beýan etdi. Pakistanyň Daşary işler ministri sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň wajyp ähmiýetini belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi