icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

17 mart 2023

2191

Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň paýtagty Nuakşot şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar.

Mejlisiň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy we beýleki ugurlar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlarynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýaly ugurlar esasy orny eýeleýär.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hissein Brahim Tahanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň arasyndaky bar bolan hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berildi hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti gurluşygy jemleýji tapgyrda dowam edýän Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheri barada giňişleýin maglumat berdi hem-de bu taslamanyň gurluşygynyň ekologik we «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda alnyp barylýandygyna aýratyn üns çekdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi