icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

21 mart 2023

3176

Katarda Türkmenistanyň Ilçihanasy açyldy

2023-nji ýylyň 20-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katara döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Katardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Ilçihananyň açylyş dabarasynda Watanymyzyň ýaşyl tugy belende galdyryldy we Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Resmi açylyş dabarasyndaky çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu şanly waka Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Katar Döwleti bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän möhüm ornuny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Doha şäherindäki ilçihanasynyň işiniň döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesine laýyk boljakdygy, bu gatnaşyklaryň açyklyk we ynanyşmak häsiýetini alamatlandyrjakdygy, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigi bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler bilen gabat gelen şu günki wakanyň ägirt uly ähmiýeti barada aýdyldy. Bellenilşi ýaly, ýokary derejedäki duşuşyk iki ýurduň özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasy hem-de iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hoşniýetli erkiniň beýany boldy.

Ýurdumyzyň Katardaky diplomatik wekilhanasyny açmak baradaky Permana Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çekdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi