icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

31 mart 2023

2947

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri tamamlandy

2023-nji ýylyň 30-njy martynda Seuldaky Hankuk Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmenistanyň medeni-ylmy çäreleri dowam etdi. Bu medeni çäreleriň maksatnamasyna türkmen suratkeşleriniň çykyşlary, şeýle hem koreý dilinde “At-myrat” atly ahalteke atlaryna bagyşlanan türkmen filminiň görkezilişi boldy.

Mundan başga-da, uniwersitetiň foýesynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň portretleri we kitaplary, sungat eserleri we Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary görkezilen sergi bolup geçdi.

31-nji martda bu medeni çäre Koreýanyň Yýjongbu şäherinde tamamlandy.Şinhan uniwersitetinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdiýew we Şinhan uniwersitetiniň rektory Kang Song Jong Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň resmi ýapylyş dabarasynda çykyş etdiler. Şeýle hem hormatly myhmanlaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary G.Myradalyýew, Kolorado uniwersitetiniň rektorynyň orunbasary Emili Çan, Amerikan Taekwon-Do birleşiginiň başlygy we beýlekiler gatnaşdylar.

Soňra Türkmenistanyň we Koreýanyň halk we at gazanan sungat işgärleriniň bilelikdäki konserti boldy.

Çäreler maksatnamasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijilik ýoly barada gürrüň berýän “Istärin” atly çeper filminiň görkezilişi hem boldy. Mundan başga-da, çärelere gatnaşyjylar türkmen medeniýetiniň sergisinde görkezilen ekspozisiýalara aýratyn gyzyklanma bilen üns berdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi