icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

25 sentýabr 2016

1869

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine sapary tamamlandy

  23-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdesiniň çärelerine gatnaşmagyny dowam etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistan tarapyndan taryhy Pariž ylalaşygyna dabaraly ýagdaýda gol çekmek bu günüň iň görnükli wakasy boldy.

Gol çekmeklik – bu diňe işiň birinji ädimi. Bu ädim arkaly gol çeken döwlet ylalaşygy ratifikasiýa etmek üçin gerekli bolan özüniň içki amallaryny ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Saparyň jemleýji günlerinde Türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun, Baş Asambleýanyň başlygy Piter Tomson, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Gýan Çandra Açariýa we BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň terrorçylyga garşy komitetiniň ýerine ýetiriji direktoratynyň ýerine ýetiriji direktory Žan-Pol Laborde bilen duşuşyklary boldy. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji başlangyçlarynyň ähmiýeti we ýurduň durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyna taýýarlyk görmegiň çarçuwasynda Durnukly Ösüş Maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaklygyň tarapdarydygy bellenildi.

2016-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti sapary tamamlap Nýu-Ýorkdan Aşgabada uçdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi