29 iýul 2023
6923
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde Toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýakyn geljek üçin anyk wezipeler kesgitlenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar her ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň gün tertibi barada pikir alyşdylar.
Başga habarlar
09
Noý
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň resminamalary BMG-de çap edildi
09
Noý
Türkmenistanyň resminama mirasy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sebit sanawyna girizildi
07
Noý
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
07
Noý
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
07
Noý
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Ähli habarlary görmek