icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

29 awgust 2016

2055

Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Bileleşiginiň wekili bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda öz dilomatik wezipesini tamamlaýan, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili j-p Dionisios Daniilidis bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda halkara guramasynyň wekili türkmen tarapyna Türkmenistandaky işine berilen goldaw we ýardamlar üçin özüniň çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Soňra duşuşygyň çarçuwasynda Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikirler alşyldy. Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özaragatnaşyklary geljekde ösdürmäge ygrarlylygyny belläp, türkmen tarapy ÝB-niň wekiline Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmeginde eden tagallalary üçin minnetdarlygyny bidirdi we geljekdäki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi