icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

17 noýabr 2023

1529

BAE-niň energetika we infrastruktura ministri bilen duşuşyk barada

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazrui bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem geljekki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

R.Meredow iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky birek-birege ynanyşmak dialogyna esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň çalt depginde ösýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklary, şol sanda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ministrler nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky, elektroenergetikada, ulag-aragatnaşyk we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi