icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

22 noýabr 2023

1703

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň kiçi komitetiniň mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlis kiçi komitetiň başlyklarynyň - Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýuýyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara birek-birege ynanyşmak we düşünişmek, şeýle hem açyklyk derejesiniň mahsusdygy nygtaldy.

Taraplar kiçi komitetiň öňki mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň netijelerini seljerdiler, şeýle hem howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýakyn wagtda meýilleşdirilýän işler barada pikir alyşdylar.

Mejlisiň netijeleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi