Dünýäniň 82 ýurdundan 500-den gowrak habarçylary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň barşyny beýan edýärler

Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda daşary ýurt žurnalistleriniň 500-den gowragy işläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşyny dessin beýan edýärler. Daşary ýurt metbugatynyň wekilleri üçin Olimpiýa şäherçesinde netijeli işlemek üçin ähli şertler döredildi. Ýaryşlary beýan edýän žurnalistleriň ygtyýarynda iň gowy döwrebap tehnikalar bolup, olar öz habar beriş serişdeleriniň redaksiýalary bilen aragatnaşyk hem-de amatly iş otaglary bilen üpjün edildi.

 Häzir bu ýerde — Halkara ýaýlyma beriş we metbugat merkezinde dünýäniň 82 ýurdundan žurnalistleriň 537-si işleýär, olar aragatnaşygyň dürli ýaýlymlaryna elýeterli bolup, “Aşgabat 2017” oýunlaryny döwrebap ýagdaýda şöhlelendirýärler.

Olimpiýa şäherçesiniň esasy habarlar meýdançasy dört gatly döwrebap binada ýerleşip, ol gepleşikleri we söhbetdeşlikleri ýazgy edýän aýratyn studiýalar bilen üpjün edildi, olarda žurnalistler oýunlara gatnaşyjylar bilen ýokary hilli ýazgylary geçirip, olara tomaşaçylary gyzyklandyrýan sowallary berip bilýärler. Teleradiokompaniýalaryň, gazetleriň, žurnallaryň we habarlar agentlikleriň işgärleri üçin dürli kömekçi otaglar döwrebap tehniki serişdeleri bilen üpjün edildi, olar alan maglumatlaryny köpçülige wideo, surat, ses we ýazgy görnüşlerinde ýetirip bilýärler.

Merkeziň birinji gatynda 260 orunlyk metbugat maslahatlary üçin zal ýerleşdirildi, onda Oýunlaryň geçýän döwründe metbugat wekilleriniň ýokary wezipeli myhmanlar, türgenler we olaryň tälimçileri bilen duşuşyklary geçirilýär.

 Media merkeziniň ikinji gatynda 98 adam üçin otaglar ýerleşdirildi. Şeýle hem bu gatda tehniki gözegçiligiň enjamlar otagy, signallary paýlaýjy we merkezi enjamlar otagy bolup, bu ýerden hünärmenler gepleşikleriň önümçilik ölçeglerine laýyk gelmegine gözegçilik edip bilýärler.

Binanyň üçünji gatynda 98 orunlyk açyk görnüşli media otaglar, data-merkez serwer enjamlar, tehniki otaglar bar. Dördünji gatda söhbetdeşlikleri ýazgy etmek üçin studiýa, onuň ýanynda enjamlar we duşuşyklar geçirilýän otag ýerleşdirildi.

 Bulardan başga-da, Olimpiýa şäherçesiniň çäginde göçme telewizion stansiýalary oturdyldy, olar kartanyň islendik nokadyndan ýokary hilli wideoýazgylary surata düşürip hem-de ýaýlyma berip bilýärler.

Şeýlelikde, Media merkez uly tehnologiki mümkinçiliklere we innowasion serişdelere eýe bolup durýar. V Aziadanyň wakalary hakynda habarlary ýygnamak, saklamak, taýýarlamak işlerinden başlap, gepleşikleri bir nusga salmak hem-de çözgütleri kabul etmek işleri habar beriş ulgamynyň soňky gazananlaryň esasynda guralýar.

Görşümiz ýaly, häzir “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ähli netijeleri internet neşirlerinde dessin peýda bolýar, olaryň barşy tele we radioýaýlymlarda beýan edilýär, ýazgy onlaýn-ýaýlyma beriş ýagdaýynda alnyp barylýar. Gazetlerde we žurnallarda ýaryşlara gatnaşyjylaryň sport üstünliklerine bagyşlanan täzelikler we synlar berilýär, internet neşirler V Aziadanyň ajaýyp pursatlaryny şöhlelendirýän suratlary ýerleşdirýärler. Daşary ýurt metbugatynyň wekilleri Olimpiýa şäherçesiniň çäginde döredilen iş şertlerine ýokary baha berip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini hem-de tehniki üpjünçiligini belleýärler.