icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

06 dekabr 2023

3321

Türkmenistanyň Ilçisi Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine ynanç hatlaryny gowşurdy.

Russiýanyň döwlet Baştutany Kremlde geçirilen dabarada Russiýanyň dostlukly Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini aýtdy.

Syýasy gatnaşyklar medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýär, diýip W.Putin aýtdy. Aşgabatda bilelikdäki Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebiniň goşmaça binasynyň gurulmagy, Rus drama teatrynyň täze binasy, türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi şeýle gatnaşyklaryň mysaly hökmünde atlandyryldy.

Prezident W.Putin, Russiýanyň Türkmenistanyň Bitaraplygyna uly hormat goýýandygyny we onuň bilen halkara gatnaşyklarynda, şol sanda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynda, Hazaryň “bäşliginde”, Merkezi Aziýa + Russiýa formatynda aragatnaşyk saklamaga taýýardygyny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi