icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

07 dekabr 2023

918

Aşgabatda türkmen – türk işewürlük forumy geçirildi

2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabatda bir türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi, oňa Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyň degişli hökümet we işewür düzümleriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Hususanda, foruma gatnaşyjylar okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýyllarda üsti ýetirilýän täze mazmun bilen hil taýdan depginli ösüşe eýe bolýandgyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, şeýle işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.

Forumyň işinde esasy mowzuk, geljek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaryň çäginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boldy.

Türkiýäniň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürde demir ýol, awtomobil ýollary we energiýa geçirijileriniň giň ulgamy arkaly ösdürilýändigine ünsi çekdi. Geljegi uly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ýokary gyzyklanmalaryny beýan etmek bilen, türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýän maýa goýum taslamalaryna has işjeň gatnaşmak isleýändiklerini mälim etdiler.

Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygyň binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar. Soňky ýyllarda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda iri bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we häzirki wagtda täzeleri durmuşa geçirilýär.

Türkmen tarapynyň wekilleri çykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we gazananlary, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak arkaly hyzmatdaşlygyň geljegi barada durup geçdiler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän görkezijiler ony ulgamlaýyn esasda has-da ösdürmegiň ýörelgelerine berk esaslanmak bilen, örän özüne çekiji bolup durýar. Ykdysady ösüşiň uly kuwwatlyklary nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa, energetika we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda, durmuş ulgamynda ägirt uly özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmäge şert döredýär.

Bu, gürrüňsiz, türkmen ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmak, ilatynyň durmuş derejesi ýokary görkezijilere eýe bolan döwlet hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmäge mümkinçilik berýär.

Giň gerimli özgertmeleriň, maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, ähli ulgamlarda we pudaklarda halkara tejribäniň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş derejesini üpjün edýär.  

Ýurdumyzda ähli ulgamlarda, şol sanda kanunçylyk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, daşary ýurtly işewürler üçin döwlet kepilligini we ýeňillikleri göz öňünde tutýan täze kanunlaryň işlenilip taýýarlanylmagy bilelikdäki işlere uly itergi berýär.

Pikir alyşmalaryň dowamynda, çykyş edenler ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny beýan edip, onuň geljegine oňyn baha berdiler.

Işewürlik maslahatynyň çäklerinde türkmen we türk işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim ätmekde uly mümkinçilikleri döretjek resminamalara gol çekildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň türk kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda bilelikdäki taslamalar, özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi