icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

07 dekabr 2023

1591

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 5-9-njy dekabry aralygynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisi geçirilýär.

Onuň işine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda çäräniň dowamynda giňişleýin ylalaşyga esaslanyp, ses bermezden ýokarda agzalan Komitet biragyzdan Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek çözgüdini kabul etdi.

Karar kabul edilenden soň, Türkmenistanyň wekiliýeti Komitetiň wekillerine we wekiliýetleriň agzalaryna Türkmenistanyň hödürnamasyny goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri barada çykyş etdi. Bu çykyş Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň baha beriş topary tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi