icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

10 dekabr 2023

1144

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherinde iş sapary bilen bolýan BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlary boýunça býurosynyň sebitleýin direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýeti bellenildi. Bu babatynda Türkmenistanyň hökümeti bilen guramanyň arasynda 27 taslamanyň amala aşyrylýanlygy aýratyn nygtaldy. Bu taslamalaryň agalabasy ýurdumyzyň hökümetiniň ýakyndan ýardam bermeginde durmuşa geçirilýär.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň derejesiniň ýokarlanýandygyny bellediler. Bu ilkinji nobatda saglygy goraýyş ulgamyndaky işlere degişli bolup, ýakynda degişli ugur boýunça iki taslamany amala aşyrmak boýunça ylalaşyklara gol çekildi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň sanly ulgama geçmek boýunça işlerine ýokary baha berip, degişli ugur boýunça hyzmatdalygyň işjeň alnyp barylýanlygyny nygtady. Şeýle-de, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlarynyň üstünde durulyp geçildi.

Şunuň bilen birlikde, taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna girmek boýunça meselede goldanylmagynyň dowam etdirilmegi babatynda hem pikir alyşdylar.

Duşuşykda R. Meredow tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren halkara başlangyçlary hem-de ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalary barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy olary durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysyna bilelikdäki işleri amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi