icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 ýanwar 2024

3030

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň netijeleri

2024-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy.

Mälim bolşy ýaly, 4-nji ýanwarda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri beýan edildi.

Saparyň ikinji güni Dubaý şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Onuň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdir, diýip nygtady. Munuň şeýledigini, Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy aýdyň subut edýär. Geljekde “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň III tapgyrynyň hasabyna bu halkara gaz geçirijiniň mawy ýangyç bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, BAE-däki hyzmatdaşlar we maýadarlar türkmen tebigy gazyny sebitiň ýurtlaryna, beýleki döwletlere ibermek üçin niýetlenen gaz geçiriji infrastrukturanyň gurluşygy bilen baglanyşykly täze energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrylýar.

Duşuşygyň barşynda işewür Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şol günüň özünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşdy. Onuň barşynda ýurdumyzyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtaldy.

Hamad Obaýdallanyň öz gezeginde, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň köpüsi Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma bildirýänligini belledi. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlaryna örän uly baha berildi.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtlaryň uly abraýa eýe bolan esasy kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy.

 “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde, häzirki wagtda Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlar yzygiderli amala aşyrylýar. 5-nji ýanwardan bolsa, Abu-Dabä ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylyp başlanýar.

“Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de «Flydubai» kompaniýasynyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Hususan-da, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi.

Nygtalyşy ýaly, dünýäniň esasy ýolagçy gatnadyjylarynyň we ýük daşaýjylarynyň biri hökmünde “Flydubai” kompaniýasynyň tejribesini hem-de mümkinçiliklerini nazara almak bilen, diňe bir ýokary hünärli awiasiýa işgärlerini taýýarlamak ulgamynda däl, eýsem, tehniki taýdan goldaw bermek we hyzmat etmek, iň täze innowasion enjamlar bilen üpjün etmek ulgamynda-da özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

                                                                                                          ***

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki iş saparynyň ýokary netijä eýe bolanlygyny gol çekilen resminamalar toplumy hem subut edýär:

1. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň «Galkynyş» gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr);

2. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr);

3. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de «First Abu Dhabi Bank» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

4. «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

5. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hem-de «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi