icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 sentýabr 2017

702

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň wekilleri bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri R.Meredow V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) täze baştutany Natalýa German bilen duşuşdy.

Türkmen tarapy h-m Germany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi. BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işjeň nukdaýnazary üçin minnetdarlyk bildirip, taraplar bilelikdäki işi ösdümekde berk esas bolan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda howpsuzlyk, ösüş we gumanitar ölçeg ýaly çygyrlarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň wekilleri bosgunlar toparyna “Aşgabat 2017” gatnaşmak mümkinçiligi üçin minnetdarlygyny beýan etdiler. Şunlukda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy mejlisinde kabul edilen “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň ähmiýetini belläp, türkmen tarapy bosgunlaryň toparlarynyň iri sport ýaryşlaryna gatnaşmagynyň möhümdigini belledi we şunuň bilen dünýä bileleşiginiň ünsüni bosgunlaryň häzirki çökgün ýagdaýynyň göwrümine çekmegiň hem-de bu meseläniň çözülmeginiň zerurlygyny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi