icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

31 ýanwar 2024

9223

Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami Masaki bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda däbe öwrülen uzak möhletli dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ösmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Duşuşykda taraplar 2024-nji ýylda Astanada meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa we Ýaponiýanyň birinji ýokary derejeli Sammitini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar we 2024-nji ýylda, Ýaponiýanyň başlangyjy bilen döredilen, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyna 20 ýyllygynyň dolýandygy bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi