icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 fewral 2024

1507

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerindäki duşuşyklary barada

2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýyň elektrik we suw üpjünçilik Departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar  suw hojalygy we elektrik energiýasy pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we onuň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň wajyp ugry hökmünde kesgitlenildi.

Şol gün Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerinde R.Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň degişli döwlet edaralarynyň arasynda nebit senagatynda gatnaşyklary ösdürmegiň, şeýle hem bu pudakda BAE-iň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň derejesinde gazanylan ylalaşyklara esaslanyp, taraplar olary durmuşa geçirmegiň anyk ädimlerini maslahatlaşdylar we bu ugurda ýakyn geljek üçin edilmeli işleri beýan etdiler. Duşuşyga Abu-Dabiniň geljegiň energiýasy boýunça kompaniýasynyň (MASDAR) baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al-Ramahi hem gatnaşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi