icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

16 fewral 2024

2862

“Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýolbaşçysy Mari-Elen Beraryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşindäki oňyn netijeleri kanagatlanma bilen bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda energetika pudagynda, nebit-gaz toplumynda, ulag we saglygy goraýyş ulgamynda işewürlik hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliginiň bardygy nygtaldy.

Suw baýlyklaryny tygşytlamaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen Türkmenistanyň suw hojalygy pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda M.Bäşimowa “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda palatasynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi