icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

20 fewral 2024

1712

Türkmenistanyň DIM-nde Halkara zähmet guramasynyň Sebitleýin direktory bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygynda HZG-niň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar “2023-nji ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna” laýyklykda ozal geçirilen çäreleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlediler.

Duşuşygyň ahyrynda HZG-niň Sebitleýin direktory B.Andres türkmen tarapynyň Guramanyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny hemmetaraplaýyn ýerine ýetirmäge ygrarlylygyny goldady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi