icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

20 fewral 2024

2011

«The Investor» žurnalynyň redaksiýasynyň direktory bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Fransiýanyň «Beyond Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän «The Investor» halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda halkara maglumat giňişliginde Türkmenistan bilen “The Investor” žurnalynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

L.Slowinski žurnalyň redaskiýasynyň ýurdy halkara işewürler jemgyýetine has-da giňişleýin tanatmak üçin Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar žurnalyň Türkmenistan barada ýörite sanyny neşir etmek mümkinçiligine garadylar.

“The Investor” žurnalynyň direktorynyň Türkmenistana amala aşyrýan häzirki saparynyň çäginde ýurduň degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe duşuşyklary meýilleşdirilýär.

«The Investor» – «Beyond Investments Group» fransuz konsalting we neşirýat kompaniýasynyň düzümine girýän, halkara derejesinde öňdebaryjy işewürlik neşiri bolup durýar. Kompaniýa ösüp barýan bazarlar barada iň soňky maglumatlary bermäge ýöriteleşendir we umumy maýa goýumlary 60 milliard dollardan gowrak bolan 48 ýurtda 165 müňden gowrak maýa goýujylaryň toruna girmäge mümkinçiligi bar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi