icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

21 fewral 2024

1953

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşitanyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň deputatlary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. Şol bir wagtda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işi bu hyzmatdaşlygyň ösüşinde uly orun eýeleýär.

Taraplar ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň guralmagy babatda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçylary we agzalary türkmen halkynyň akyldar şahyry  Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen bagly ýurdumyzda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi