icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

21 fewral 2024

2228

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Halkara zähmet guramasynyň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol duşuşygy geçirildi

Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygynda HZG-niň wekiliýetiniň dowam edýän saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin pudagara tegelek stol duşuşygy geçirildi.

Türkmen tarapyndan geçirilen çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň dürli pudaklarynda mynasyp iş bilen üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdylar hem-de özara ynanyşmak häsiýetli gepleşikleri geçirdiler. Hususan-da, Halkara zähmet guramasy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky “2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň” taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň ahyrynda taraplar Türkmenistanda mynasyp iş bilen üpjün etmek boýunça tegelek stol duşşuşygynyň netijeleri boýunça minnetdarlyk we kanagatlanma bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi