icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 fewral 2024

2540

Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Ýaponiýada türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Parlamentiniň wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar.

Duşuşygyň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň düýp pikir we ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda edilen çykyşlarda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler, Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda ýaşlara işlemäge we mynasyp durmuş şertlerine eýe bolmaklary ugrunda döredilýän ýeňillikler barada bellenildi.

Gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýapon diline tejime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan edilen türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary dogrusynda bellenilip geçildi.

Talyp ýaşlar hem öz gezeginde Ýaponiýada okamaklary we bilimlerini artdyrmaklary üçin ýurdumyz tarapyndan döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmen halkynyň Milli Liderine minnetdarlyk bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi