icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

26 fewral 2024

2569

Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda iri göwrümli energiýa, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryna degişli halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly edilýän işlere seljerme berildi.

Şu nukdaýnazardan, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň we döwletleri birleşdirýän demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalarynyň mundan beýläkde ösdürilmegi boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki tarapyň hem Owganystandaky desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmäge ýokary derejede taýýardygy beýan edildi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem, Owganystanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlamak babatyndaky mümkinçilikleriň giňeldilmegine üns berdiler.

Taraplar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda gepleşikleri mundan beýläkde yzygiderli dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi