icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 fewral 2024

2412

Tähran şäherinde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. 

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary A.Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Alireza Bikdeli ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşugyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen hökümetara toparyň 15-nji mejlisinde gelnen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de ähli ýetilen ylalaşyklaryň pugta ýerine ýetirilmeginiň zerur bolup durýandygyny nygtadylar.

Bu mejlis dostlukly ýagdaýda geçip, onuň netijeleri boýunça Jemleýji teswirnama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi