icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 mart 2024

1846

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň forumynyň çäginde dabara geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Durnukly ösüş boýunça sebit forumynyň çäginde BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy “Ýaşlary DÖM-e ýetmek boýunça işlere çekmek: ählumumy we milli syýasy meseleler” ady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy”atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçiridi.

Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, şeýle hem BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanynda akkreditlenen daşary döwletleriň, şol sanda Azerbaýjanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Eýranyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň başlygy öz çykyşynda soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda ýaşlar bilen baglanyşykly amala aşyrylýan syýasaty barada, hususan-da ýaşlaryň ählumumy gün tertibinde göz öňüne tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek işlerine gatnaşýandyklaryny belläp geçdi.

Şol bir wagtyň özünde bilim, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy we iş üpjünçiligi, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreş we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselelerde ýaş nesilleriň başlangyçlaryna goldaw bermekde we onuň işjeň jemgyýetçilik ornuny saklamakda döwletiň eýeleýän orny barada aýtaryn durlup geçildi.

Döwlet we tutuş dünýä üçin has gowy geljegi gurmakda ýaşlaryň tutýan orny Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda giňişleýin beýan edilendigi bellärliklidir.

Pikir alyşmalaryň çäginde dabara gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň tejribeleri bilen paýlaşdylar we sebitde we onuň çygryndan daşarda bu ugurdaky syýasaty düzgünleşdirmek üçin hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alyşdylar.

Dabara gatnaşan Türkmenistanyň talyp ýaşlarynyň wekilleri BMG-niň binýadynda döredilen toparlaryň çäklerinde alyp barýan işleri barada çykyş etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi