Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
15 mart 2024
4383

Türkiýäniň Ilçisi bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Şonuň bilen baglylykda, taraplar 2023-nji ýylyň 25-26-njy otýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä amala aşyran saparynyň dowamynda gol çekilen resminamalar toplumyny durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini bellediler.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäginde energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegine üns berendigi nygtaldy.

Çäräniň ahyrynda taraplar şu ýyl Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek we Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilýän çärelere türk tarapynyň wekilleriniň gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.