icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 mart 2024

1707

Türkmenistandaky Azerbaýjanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Fizuly ogly Gezalow bilen duşuşdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň çäginde diplomatlar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda syýasy gepleşikleriň mundan beýläk-de ösdürilmegi, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi, ynsanperwer we medeni gatnaşyklaryň giňeltmegi bilen baglanyşykly meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara guramalarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary babatda pikir alyşyldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda, ýangyç-energetika, ulag-logistika gatnaşyklarynyň ösüşindäki oňyn hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler.

Azerbaýjan wekilleriniň şu ýyl Türkmenistanda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çäginde we Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilýän halkara çärelerine gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi