icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 mart 2024

3050

Türkmenistan we TÜRKSOÝ köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» hökmünde yglan edilmegi bilen mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmak maksady bilen gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýewyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Dabaraly çärelere gatnaşýandygy üçin guramanyň Baş sekretaryna hoşallyk bildirilenden soň, Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» hökmünde we türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli bilelikde geçirilýän çäreleri guramak we gatnaşmak dogrusynda giňişleýin pikir alyşyldy.

Garalan meseleleriň hatarynda türki dünýäsiniň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini TÜRKSOÝ, BMG, ÝUNESKO ýaly abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýaýratmaga aýratyn ähmiýet berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar baý çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylmagyna kanagatlanma bildirdiler. Türkmen tarapy Türki medeniýetiň halkara  guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda giň gerimli işleriň durmuşa geçiriljekdigini belläp, bilelikde ýerine ýetirilen işler üçin TÜRKSOÝ-a hoşallyk bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi