icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 mart 2024

3434

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 28-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň salamyny ýetirip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Daşary işler ministrini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, goňşy ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki döwletiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygyna ünsi çekdi hem-de EYR-nyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de Arkadagymyz ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini aýtmak bilen, gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň giň gerimde dowam edýändigini, Ahal welaýatynyň Änew şäherinde açylan täze metjidiň möhüm ähmiýetini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň dürli derejedäki Hökümet wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan amala aşyrýan özara iş saparlarynyň, yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň we gepleşikleriň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygyny aýdyp, goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini goldaýandygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda aýratyn orun eýeleýär. Goňşy ýurtlaryň arasynda ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Arkadagymyz Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň saparynyň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geçirjek gepleşikleriniň iki ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi