icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

16 aprel 2024

961

Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda dostlukly we hoşniýetli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň, ikitaraplaýyn çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara söwda dolanyşygynyň ösýändigi, şol bir wagtyň özünde hem senagat kooperasiýasy, energetika, ulag we logistika, oba hojalygy pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilýändigi aýratyn kanagatlanma bilen bellenildi.

Sebitara gatnaşyklar we medeni-ynsanperwer ugrundaky hyzmatdaşlyk has-da giňeýär. Şu ýyl Özbegistanda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçiriler.

Öňde boljak  ýokary derejeli duşuşyklara taýýarlyk görmegiň çäklerinde  köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze gün tertibiniň döredilmegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi