icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

18 aprel 2024

1828

BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler otagynda durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler otagynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi.

Durnukly ösüş hepdeliginiň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy D.Frensis tarapyndan çagyrylan mejlise  ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ulag pydagynyň milli ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň agza döwletleriniň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar, ählumumy ulag gün tertibiniň meselelerini öňe sürmekde Türkmenistanyň işjeň ornuny belläp, durnukly ulagy ösdürmek çygrynda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wezipelere ünsi çekdiler.

2026 – 2035-nji ýyllar döwri üçin «Durnukly ulagyň onýyllygyny» durmuşa geçirmek boýunça işlenip-düzülýän hereketleriň meýilnamasynyň esasy maksadyna öwrülmeli, hemmeler üçin elýeterli, arzan we durnukly ulagy üpjün etmekde bilelikdäki utgaşdyrylan çäreleri amala aşyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

2016-njy ýylda Aşgabatda we 2021-nji ýylda Pekinde geçirilen BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatlarynyň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar, 26-njy noýabryň Bütindünýä durnukly ulag güni hem-de 2026 – 2035-nji ýyllaryň «Durnukly ulagyň onýyllygy» hökmünde yglan edilmegi ýaly Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararlary, dünýä jemgyýetçiliginiň bilelikdäki amal etmeli hereketleri we ulag pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygy guramak üçin esas hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýän ugur boýunça Ýokary derejeli mejlisiň ähmiýetini belläp, çykyş edenler öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, ygtybarly infrastrukturany ösdürmek, bütin dünýäde ulag durnuklulygyna ýetmek üçin strategiýalary bilelikde işläp taýýarlamak maksady bilen ýokary derejede köptaraplaýyn ulag dialogyny guramak üçin döredilen mümkinçilikden peýdalanmagyň zerurlygyny bellediler.

Mejlisiň barşynda BMG-niň agza döwletleriniň milli wekiliýetleri ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aşakda görkezilen ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar:

− ulag infrastrukturasyny, aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmäge, bilermenleriň mümkinçiliklerini artdyrmaga we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmak;

− multimodal ulag ulgamlaryny, ulag-üstaşyr geçelgelerini, halkara logistika merkezlerini ösdürmek we kämilleşdirmek;

− howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak we oňa uýgunlaşmak çärelerine durnukly ulag syýasatyny birleşdirmek, ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini ilerletmek;

− jemgyýetçilik ulag serişdeleriniň häzirki zaman görnüşlerine elýeterliligi giňeltmek;

− ulag ösüşiniň durmuş taraplaryny göz öňünde tutmak bilen milli derejede elýeterli, arzan we ekologiýa taýdan arassa ulag hyzmatlaryny üpjün etmek zerurlygy.

Mejlisiň netijeleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň edarasy tarapyndan jemlenen hasabat we teklipler taýýarlanylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi