icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 aprel 2024

2163

Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmek, olaryň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz nobatynda, dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar, türkmen topragynda kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Angola Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň salamyny hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň ähli halkyna rowaçlyk, bagtyýarlyk, giň gerimli özgertmeleriň ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmek, türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak oňyn özgertmeleriň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, durmuş syýasatynyň esasy meselelerine aýratyn üns çekildi. Şol syýasatyň çäklerinde ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, beýleki ugurlarda özgertmeler amala aşyrylýar.

Diplomata ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäklerinde Mejlisiň alyp barýan işi we düzümi barada gürrüň berildi. Özara düşünişmegi, ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara dialogy giňeltmek maksady bilen, ysnyşykly parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýa öz tarapyndan däp bolan dostlukly gatnaşyklary ynanyşmagyň we birek-birege hormat goýmagyň esasynda mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi